Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

15 Aprel 2021
1592

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler, türgenlerimiziň iri halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri doly şaýatlyk edýär. Ynsan saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän milli Liderimiziň bimöçber aladasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän tutumly maksatlar berk bedenli nesilleriň kemala gelmegini, raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilýär.

Milli Liderimiziň adam hakdaky aladalaryndan gözbaş alýan beýik başlangyçlary ýurdumyzda sport ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegine, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha giňden ornaşmagyna itergi berýär. «Döwlet adam üçindir!» diýýän hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almagyny, saglygyny berkitmegini ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde aýratyn üns berýär. Munuň özi Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden rowaçlanmagynyň esasy sebäbi bolup durýar.

Perman HALMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.