Şu ýylyň 10-njy martynda sport muşdaklarynyň göwünlerini galkyndyryp, türkmen sportunyň abraýyny bir gez belende göteren taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Agyr atletika boýunça geçen dünýä çempionatynda ýeňiji bolan türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa mynasyp bolan altyn medallarynyň ikisini dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Gahryman Arkadagymyz dabarada eden çykyşynda sport äleminde uly üstünlikleri gazanan meşhur türkmen türgenleriniň hatarynda Marat Nyýazowyň adyny hem buýsanç bilen agzady. Biziň aşakdaky ýazgylarymyz hem sport äleminde öçmejek yz goýan, 1960-njy ýylda Rimde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna eýe bolan, nyşana ok atmakda köp gezek dünýäniň we Ýewropanyň çempiony we rekordçysy meşhur türkmen mergenine bagyşlanýar.
Marat Nyýazow 1933-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Ol Moskwanyň I.Gubkin adyndaky Nebit we gaz institutynyň talyby döwründe sportuň nyşana ok atmak görnüşi bilen çynlakaý meşgullanyp ugraýar. Ol tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, tebigy zehinliligi bilen tapawutlanypdyr. Onuň nyşana ok atmakda haýran galdyryjy netijeleri gazanmagyny ata-babasyndan miras galan ukyby, ýokary başarnygy bilen baglanyşdyrmak ýerlikli bolar. Marat Nyýazow ilkinji üstünligini 1958-nji ýylda Moskwada geçirilen dünýä çempionatynda gazanypdyr. Ol bu uly ýaryşda öň goýlan rekordy täzeläp, dünýäniň çempiony bolupdyr. Soňra Marat Nyýazow birnäçe ýyllaryň dowamynda şeýle ýeňişleri üstünlikli gaýtalamagyň hötdesinden gelipdir. Gadymy Rim şäherinde bolan tomusky Olimpiýa oýunlarynda bolsa ol türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek kümüş medalyň eýesi bolýar. At gazanan sport ussady ýaryşlara gatnaşmagyny goýandan soňra tälimçilik işi bilen meşgullanypdyr. Marat Nyýazow bu ýeňil bolmadyk işde hem uly üstünlikleri gazanýar. Öz döwründe ol Bolgariýada, Rumyniýada, Müsürde, Filippinlerde, Mýanmada, Kuweýtde tälimçi bolup zähmet çekip, ussat türgenleriň uly toparyny taýýarlamagyň hötdesinden gelipdir. Soňy bilen ussat halypanyň şägirtleri belli tälimçiler bolup ýetişipdirler. Marat aga nirede işlese-de, ata Watanyny dilinden düşürmändir, oňa ak ýürekden hyzmat edipdir.