Ýaşlaryň erjelligi

20 Aprel 2021
1499

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde giň göwrümli sport-sagaldyş çäresi geçirildi. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen çäre «Sagdyn durmuş ýörelgelerine uýup maşk edeliň, bedenimiz taplansyn!» diýlip atlandyryldy.

Bilim işgärleriniň, türgenleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň işeňňir agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen sport-sagaldyş çäresi beden maşklarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Oňa ildeşlerimiziň hyjuwly gatnaşmagy sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini alamatlandyrdy. Soňra çärä gatnaşyjylar türgenleşik zallarynda bolup, döwrebap enjamlaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalandylar, işjeň türgenleşik geçdiler.

Jeýhun SAPARGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy. SURATLARDA: türgenleşiklerden we ýaryşdan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.