Gan we limfa aýlanyşygyny işjeňleşdirýän bejeriş-bedenterbiýe maşklar toplumy adamda kadaly dem alşy ýola goýup, dürli gaýra üzülmeleriň öňüni alýar, bedeni fiziki agram salmalara taýýarlaýar, nerw-psihiki hem-de umumy ýagdaýyny gowulandyrýar. Bu bejeriş-bedenterbiýe maşklar toplumy:
• kesellerden soňky dikeldiş döwründe, has-da dem alyş ulgamynyň kesellerinde;
• öň işjeňligi peselen alweollaryň, öýkeniň, bronhlaryň dokumalarynyň gan we limfa aýlanyşygynyň gowulanmagyna;
• dem alyş hereketine gatnaşýan myşsalar toparynyň işjeňleşmegine;
• dem alyş ulgamy bilen bagly gaýra üzülmeleriň öňüni almakda has-da peýdalydyr.