Baýramçylygyň ruhy joşguny

30 Noýabr 2022
701

Toý-baýramlaryň täze döwrüň ruhuna laýyk täze mazmun bilen baýlaşýan häzirki ajaýyp zamanamyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk senesini mynasyp derejede dabaralandyrmak bagtyýar halkymyzyň baş maksadyna öwrülýär. Şu mynasybetli häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem baýramçylygyň ruhy joşguny has belende galýar, dabaraly çärelere, söhbetdeşliklere, duşuşyklara giň orun berilýär, türkmeniň bitaraplyk ýörelgesiniň gymmaty, ähmiýeti giňden ýaýylýar.