Bitaraplyk ýörelgämiz rowaçlanýar

30 Noýabr 2022
705

Ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrmak ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimiz birek-birege hormat goýmaga, dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen uly işleri alyp barýar, oňyn başlangyçlary öňe sürýär.

Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly döwletimiz içeri we daşary syýasatda uly üstünlikleri gazanýan, tutuş adamzadyň ösüşiniň hatyrasyna başlangyçlary öňe sürýän, abraýy ýylsaýyn artýan döwlet hökmünde tanalýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, içeri hem-de daşary syýasatda alyp barýan işleri sebitde parahatçylygy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy, asudalygy gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Şamyrat Akmämmedow,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy.