Dost-doganlygyň gözbaşy

28 Noýabr 2022
569

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde halkara bileleşigine agza 193 döwletiň goldamagy bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda ikinji gezek ýörite Kararnama kabul edildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Şeýle hem BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň topary döredildi. Häzir oňa dünýäniň 19 döwleti girýär. Bu bolsa dünýäniň abatlygyny binýat edýän ösüş arkaly parahatçylyk, ynsanperwerlik, ynanyşmak, agzybirlik, dost-doganlyk, asudalyk, rowaçlyk ýaly düşünjeleriň ählisiniň-de gözbaşyny Bitaraplyk syýasatyndan alyp gaýdýandygyny şöhlelendirýär.

Ýurdumyzda özeninde Bitaraplyk syýasaty duran giň gerimli maksatnamalar kabul edilip, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Durmuşymyza ornaşdyrylýan maksatnamalar ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem oňyn netijesini berýär. Munuň şeýledigini bilim ulgamyndaky halkara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtly ussat mugallymlaryň bilim berýändiginde, şeýle-de, daşary ýurtly ýaşlaryň ýurdumyzyň ýokary hem ýörite okuw mekdeplerinde bilim alýandygynda hem görmek bolýar.

Söhbetdeşligi taýýarlan Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.