Ekologiýa abadançylygy umumy bähbidimizdir

2 Noýabr 2022
1211

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawyň goraglylygyny, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirýän tutumlary ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremekde, tebigy tokaýlyklary gorap saklamakda we beýleki giň möçberli işlerde öz aýdyň beýanyny tapýar. Täze önümçilik we durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde agaç nahallaryny ekmek üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmeginiň özem ekologiýany arassa saklamakda uly tagallalaryň edilýändiginiň güwäsidir. Umuman, biologik köpdürlüligi we tebigy aýratynlyklary gorap saklamak, çölleşmä garşy göreşmek, howa gurşawyny arassa saklamak Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Nebitgaz ulgamynyň işgärleri hem ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Ýerasty baýlyklary özleşdirip, halka ýetirmekde jan aýaman zähmet çekýän merdana nebitçiler ene topragymyzy bagy-bossanlyga büremekde alnyp barylýan işlerde hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Jöwhergylyç Tagandurdyýew,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.