Millilige sarpa

3 Maý 2022
1382

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen döwletiniň mizemez esaslaryny berkitmekde, demokratik ýörelgeleri kämilleşdirmekde, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirmekde giň göwrümli çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, türkmen maşgalasynyň agzybirligini, jebisligini we berkligini gazanmakda, şeýle hem çagalaryň doly maşgalada terbiýelenmegini üpjün etmekde yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň guramagynda Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiniň deputatlarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Ýokary kazyýetiniň, Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat düzümde döredilen iş toparynyň ýerlerde bolup, gelin-gyzlaryň arasynda geçiren wagyz-nesihat işleri hem bu ugurda ähmiýetli boldy.

Ahal welaýatynyň etraplarynda hem-de Tejen şäherinde geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklary netijeli häsiýete eýe boldy. Halk hojalygynyň dürli ugurlarynda, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän kadalaşdyryjy hukuknamalar, maşgala agzybirligi, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça gürrüň edildi.

Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.