Zeminiň ýaraşygy

27 Aprel 2022
1395

Mähriban halkymyz enelere uly sarpa goýýar. Hormatly Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda şeýle sözler bar: «Enelerimiziň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly. Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar. Eneler iliň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar». Bu setirlerde hormatly Arkadagymyzyň enelere goýýan hormatynyň çäksizdigini görmek bolýar.

Ýurdumyzda köp çagaly enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly atlar dakylýar. Eneler bu dünýäniň barlygy, Zeminiň ýaraşygy. Munuň şeýledigine biz çaga wagtymyzda enelerimize bolan söýgümizde, ene bolanymyzdan soň hem perzentlerimize bolan söýgümizde görýäris. Perzent ynsan ömrüniň bezegi, ata-enäniň hem dowamatydyr. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň Watana wepaly bolup ýetişmeklerinde hem enäniň orny diýseň uludyr. Eneler watansöýüji, terbiýeli, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirýärler. Ösüp gelýän nesil üçin iň esasy zat, ene ýüreginiň ýylylygydyr, ene mähriniň söýgüsidir.

Gülnara NYÝAZOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.