Türkmenistan döwletimizde ylym-bilimi dünýä ýurtlarynyň derejesinde ösdürmek, halkymyzyň gadymy medeni mirasyny giňişleýin we çuňňur öwrenmek, gorap saklamak, dikeltmek we wagyz etmek döwlet derejesindäki möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu ugurda saldamly işlere badalga berildi. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan gadymy suw desgalarynyň binagärlik aýratynlyklarynyň öwrenilmegi onuň aýdyň mysalydyr. Olardan gadymy Merwiň dürli görnüşli sardobalaryny, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde saklanyp galan ýahdany, Gadymy Lebap topragynda saklanyp galan birnäçe sardobalary görkezmek bolar.