Peýdaly maslahatlar

14 Aprel 2022
2598

Derä çümen islendik tikeni, hatda iň kiçijigini hem çykarmaga kömek edýän bir usul bar. Şeýle usul bilen ony çalt we agyrysyz aýryp bolýar. Ilkinji kömegi bermek üçin gerekli zat kiçijik çüýşe gaby. Bu gabyň içini bug ýa-da gyzgyn suw bilen gyzdyryp, deriniň tiken çümen ýerine berk ýanaşdyrmaly. Çüýşe gabyň içinde basyşyň emele gelmegi bilen deriden tikeniň öz-özi çykýar. Adatça, bu usulyň netijesini görmek üçin bäş sekunt ýeterlikdir. Eger birinji synanyşykda tiken çykmasa, bu usuly gaýtalap bilersiňiz.

* * *

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Jemile HALMEDOWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe şäherçesindäki 55-nji orta mekdebiň mugallymy.