Jemgyýetiň jebisligi

14 Aprel 2022
1381

Döwletiň we jemgyýetiň esasy sütüni maşgaladyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda her bir maşgalanyň bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Maşgala binýadynyň berkligi, ilkinji nobatda, maşgala agzalarynyň agzybirligine baglydyr. Berk binýatly agzybir maşgalalar jemgyýetiň berkligine uly täsir edýär. Şonuň üçin-de maşgala mukaddes hasaplanylýar hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk namalary esasynda goralýar we ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär.

Aýna ŞUKUROWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Kanunçylyk müdirliginiň ykdysady kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine alyş bölüminiň esasy maslahatçysy.