Gadymy Merwiň binalary

12 Aprel 2022
2198

Döwletimiziň halkara derejedäki at-abraýynyň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän döwründe, ynsan kowmunyň bäş müňýyllyk taryhynyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimiziň aýratyn orny bardyr. Geçmişiň şöhratly we ýeňişli ýollarynda uly kerwensaraýlary, bazarlary, hanakalary, metjitleri, medreseleri, biri-birine juda meňzeş daşky diwarlary gasynly gurlan köşkleri, galalary, ajaýyp kitaphanalary bilen Gündogaryň ruhy we medeni merkezine öwrülen gadymy Merwiň ajaýyp köşkleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Al-Mamunyň köşki — bu taryhy we medeni ýadygärligiň binagärliginde, esasan, çig kerpiçleriň ulanylandygy sebäpli, biziň günlerimize çenli gelip ýeten galyndylary hökmünde onuň aglaba böleginiň eremegi netijesinde emele gelen ullakan tümmegi we demirgazyk diwarynyň azda-kände saklanyp galan galyndylaryny görkezmek bolar. Ýadygärligiň saklanyp galan käbir böleklerinden we geçen asyryň ortalarynda geçirilen ylmy barlaglaryň maglumatlaryna salgylanmak esasynda öz döwründe iki gatdan ybarat köşk ymaraty bolandygyny çaklamak mümkin. Ymaratyň birinji gaty ýokarlygyna ýapgyt we galňap gidýän diwardan ybarat bolup, ikinji gatynyň daş tarapy ýarym aýlaw gasynlar arkaly bina edilipdir. Alymlaryň çaklamagyna görä, Al-Mamunyň köşki IX — X asyrlara degişli ajaýyp taryhy ýadygärlik hasaplanýar.

Rejep JOMMYÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýadygärlikleri öwrenmek we wagyz etmek bölüminiň başlygynyň orunbasary.