Fransiýaly inžener, metallardan desga ýasamakda ussat hünärmen, XIX asyryň bina gurluşygynda aýratynlygy bilen tapawutlanýan Pariž şäherinde ýerleşýän dünýä belli Eýfel diňini gurup meşhurlyk gazanan Aleksandr Gýustaw Eýfel gurluşykçylar maşgalasyndan bolupdyr. Gýustaw Eýfel 1855-nji ýylda Sungat we manufaktura mekdebini tamamlap, inžener hünäri boýunça diplom alýar. Ol öz işinde ussat hünärmen bolup, birnäçe binalaryň gurluşyklaryny bitirýär. Onuň taslamalary esasynda, Portugaliýadaky Doru derýasynyň üstünde otlular üçin niýetlenen «Ponti-di-Dona-Mariýa-Pi» atly köpri, Budapeşt şäherindäki wokzal hem-de Nýu-Ýork şäherindäki «Azatlyk» heýkeliniň gurluşygy we başga-da birnäçe binalaryň gurluşygy amala aşyryldy.