Ýüreginde ýazyň keşbi

18 Mart 2022
2100

Möhür basylan ýaly keşdeler heýjanly baharyň heserli heňinden döreýär. Ol köňül gopuzyňy zarňyldadyp, geçmiş bilen şu güni duşurýar.  «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat eje baradaky ýatlamalary çeper elleriň taryha öwrülen keşbini janlandyrýar: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly. Hiç bir zat taý bolmajak mähirli garaýyşly käbämiň keşbinde ýyllaryň möhüri galypdyr. Ondan dünýäniň manysyny okap bolýar».

Zenan duýgularyny pyntyk deý ýaryp, bahar geldi. Asmandaky topbak-topbak ak bulutlaryň heýjana gelşini görsene! Olar hem baharyň ýakymyndan täsirlenip, bir ýerde duranoklar. Bir-de çaga hüwdüleýän ýaş gelne, bir-de ik egrip oturan garry enä çalym edýär. Serwi boýly gelinler enelerimiziň düýni, garry ene — ýaş gelniň ertiri. Olaryň arasynda üzülmeýän mähremlik, päklik halkasy şol aýlanyp dur, aýlanyp dur. Baharda naşyja ýaz gülleri depe-düzlere nur paýlaýar. Tebigat güllerden ýaşyl begres geýýär. Çeşmeleriň melhem suwuna zerden syrça çaýylýar. Bu pursat zenan gözelligine gözellik, ylhamyna ylham goşulýar. Birden ylhamyň joşup, harplardan söz, sözlerden goşgy döretmegi başarsaň dagy, onda ol şygyrlar edil bahar ýaly müdimi bolar. Bahar — ynsany ganatsyz galgadýan pasyl. Ol gyş ukusynda ýatan janly-jandarlary, ösümlikler dünýäsini oýaryşy ýaly, ynsan köňlüni hem nagmalaýar.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».