Syr­ly geç­mişden söz açyp..

28 Ýanwar 2022
2626

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Geljekde dünýäniň abraýly ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň gazuw-agtaryş ýadygärliklerini gorap saklamak we ylmy esasda düýpli öwrenmek, türkmen halkynyň gadymy, orta asyrlara, täze we häzirki döwre degişli taryhyny, medeniýetini öwrenmek babatda düýpli ylmy açyşlaryň ediljekdigine ynanýaryn.

Her bir halkyň özüne mahsus milli medeniýeti, däp-dessury bolýar. Geçmişde ata-babalarymyz beýik döwletleri döredipdirler. Şonuň üçin türkmen topragy dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan gadymy ýurtdyr. Dag ýerinde dagy, çöl ýerinde çöli, deňiz ýerinde deňzi, sährasy, derýa, köli, geň-enaýy jeňňellidir tokaýly gözel künjekli ýurdumyz bardyr biziň iliň. Güneşli Diýarymyzda türkmen halkynyň gadymy döwürlerine degişli taryhy ýadygärlikleri-de diýseň täsirli bolup, her bir ynsany özüne bendi edýär. Halkynyň taryhyna, medeniýetine, sungatyna sarpa goýýan we oňa düşünýän adamyň Watanyna, ulus-iline söýgüsi belentdir, juda aňyrdandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň taryhy ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ülňülerine laýyk rejelemek, aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen 1993-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkmenistan 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Şeýle-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda taryhy-medeni goraghanalary-da bar. Olar Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý, Abiwerd, Sarahs, Dehistan, Gökdepe galasy ýaly has uly arheologik we binagärlik toplumlarynyň jemlenen ýerinde döredildi.

Güljahan GOÇUMOWA,
«Diýar».