Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, dünýä ýaýmakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna gaýtalanmajak gymmatlyklary goşup, onuň has-da baýlaşmagyna düýpli itergi berdi. Milletimiziň şeýle goşantlarynyň biri hem türkmen alabaýydyr.
Türkmen alabaýlarynyň taryhyň irki döwürlerinden bäri ynsanyň ýakyn dosty, aýrylmaz hemrasy bolup gelýändigini ýurdumyzyň çägindäki gadymy ýadygärliklerimizde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan tapyndylar hem aýdyň subut edýär. Altyndepede (b.e.öň II müňýyllyk) itiň heýkeljiginiň gabat gelmegi, Dehistanda (XII-XIII a.a.) tapylan kaşin keramikasynda tazynyň şekiliniň bolmagy türkmen itleriniň taryhyny asyrlaryň jümmüşine alyp gidýär.