Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty halkymyzyň milli gazananlaryny we asyrlaryň dowamynda kemala gelen däp-dessurlaryny ýaýratmak we wagyz etmekde diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem, halkara möçberinde hem uly abraýa eýe boldy.
Häzirki wagtda institutyň düzüminde 8 sany bölüm işleýär. Men rejeleýiş we abat saklaýyş bölüminiň işi barada durup geçmek isleýärin. Gadymy golýazmalary rejelemek we konserwirlemek işleri golýazmalar gaznasy döredilen pursadyndan bäri alnyp barylýar. Institutymyzyň ýazuw ýadygärlikleri iň bir isleg bildirilýän ilkinji çeşmeler bolup durýarlar we olardan mydama peýdalanylýar. Şeýle şertlerde olaryň abat saklanmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Seýrek duş gelýän we döwrüň aýap goýmadyk ýazuw golýazmalaryny rejelemek we konserwirlemek iň möhüm ugurdyr.