Muny bilmek gyzykly

21 Ýanwar 2022
4227

Adam atlary (onomastika) taryh ylmynyň täsin ugurlarynyň biri bolup, gyzykly we şol bir wagtda hem çylşyrymly we halklaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.

Türkmen gyz-gelinleriniň atlary mazmun taýdan birnäçe ugurlara, mysal üçin, asman jisimleri, ýer-ýurt, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen bagly ugurlara degişlidir. Ol däp-dessurlara görä, gözden-dilden, bela-beterlerden goramak maksady bilen hem dakylypdyr. Olaryň arasynda Şemşat ady giňden ýaýrandyr. Şemşat arap sözi bolup, tirkeş sözden emele gelýär, ýagny «şems» — Gün, şöhle, «şat» — dereje manylaryny aňladýar. Bu at tatarlarda «Şamşad», gazaklarda «Kamşat» görnüşlerde giňden ornaşypdyr. Türkolog alym Soltanşa Atanyýazowyň adam atlarynyň sözlüginde Şemşat gyz ady diýlip, onuň düşündirişinde «görmegeý we jany berk gyz» diýilýär.

Jennet ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.