Hormatly Prezidentimiz her bir işde halypa-şägirt ýoluny dikeldip, örän sogaply iş etdi. Munuň şeýledigine biz öz işimizde, durmuşymyzda göz ýetirýäris. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Gurbanmyrat Gurbanmyradow hem şeýle halypalaryň biridi. Ol daşyndan göräýmäge diýseň özerkli, özgeleriň pikirine känbir gulak gabartmaýan adamdyr diýdirse-de, hakykatda, örän ýumşak häsiýetlidi. Birine gatyrganyp, bir gezegem sesini gataldan ýeri ýokdy.
Gurbanmyrat aga zähmet ýoluna 1977-nji ýylda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlandan soň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-tehniki institutynyň astrofizika laboratoriýasynda uly tejribeçi wezipesinde başlap, 1996-njy ýyla çenli bu institutyň şol wagt täze döredilen “Asman ýagtylanmasy» laboratoriýasynda ylmyň dürli basgançaklarynda işleýär. Inžener, uly inžener, kiçi ylmy işgär, uly ylmy işgär, 1994 — 1996-njy ýyllarda “Asman” atly ylmy-önümçilik merkezinde direktoryň ylmy işler boýunça orunbasary wezipesinde işlemegi Gurbanmyrat aganyň ylym bilen dowamly meşgullanandygyny, bu ýyllarda-da kämilleşendigini, uly tejribe toplandygyny subut edýär.