Han­la­r ha­ny

30 Noýabr 2021
3065

Alym Arkadagymyzyň: «Garagoýunly türkmenlerinden gelip çykan hanlaryň hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we gülläp ösmeginde bitiren hyzmaty çäksizdir. Halkyň jümmüşinden çykan beýik serkerde şahyr Baýram han Türkmen galamyň we kelamyň güýji bilen uly işleri bitiripdir, halk bähbidiniň hem-de adalatyň goragçysy bolupdyr. Şahyranalyk we pelsepewi paýhas bitewiligi, ynsanyýetiň waspy we adam mertebesini ýokary götermek hakyndaky müň öwüşginli garaýyşlar şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanperwerligiň, dostlugyň, ýagşylygyň, gözelligiň waspnamasy hökmünde umumadamzat şygryýet hazynasyna giren Baýram hanyň edebi mirasy biziň milli buýsanjymyzdyr. Jemgyýetimiziň galkynýan täze taryhy döwründe özüniň öçmez-ýitmez şygyrlary bilen türkmen halkynyň ruhy dünýäsini äleme ýaýan serkerde şahyr Baýram hanyň adyny , mertebesini şöhratlandyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr» diýip bellemegi Muhammet Baýram hana berilýän iň ýokary derejelerden nyşandyr.

Bagtyýar türkmen halkymyz bu gün hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmeniň beýik akyldar, batyr, edermen ogly, Gündogaryň ussat döwlet işgäri Muhammet Baýram han Türkmeniň arzuwlan zamanasynda Berkarar döwletde ýaşamak bilen, gaýduwsyz döwlet işgärleriniň özboluşly döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzda «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara onlaýn forumy ýokary derejede geçirildi. Bu foruma dünýäniň 18-den gowrak döwletinden 130-a golaý daşary ýurtly we türkmen alymlary özleriniň ylmy işleri bilen gatnaşdylar.

Muhammetmyrat HOJAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.