Ýurdumyzyň rowaçlygy — döwlet syýasatynyň baş maksady

12 Noýabr 2021
614

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň pagtaçylarynyň «ak altyn» tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzy gazanylan üstünlik bilen gutlady. Şeýle hem wise-premýer Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

«Daşoguz habarlary».