Gahryman Serdarym, aslyň bar seniň!

2 sagat öň
1

Toý-baýramly günler bizi baş baýramymyza — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna barha golaýlaşdyrýar. Geçilen menzile nazar salýaň, ösüşlere guwanýaň, özgerişlere buýsanýaň, ýeňişlere begenýäň. Hemmesini birin-birin ýazasyň, buşlasyň gelýär, waspyny giň jahana ýaýaýyn diýýäň.

Bir hakykat has-da göwnüňe joşgun berýär: ähli üstünlikleriň sakasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de parasatly Pederiniň beýik ýoluny dowamat-dowam eýleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Beýik Ogullaryň akylyndan-aňyndan, pähiminden-paýhasyndan, nurly sahawatyndan Diýar gülleýär, döwür galkynýar, halk ýaýnaýar, erkana, asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşaýar.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.