Ýüreklerde alkyş, kalplarda buýsanç
Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli işler Garaşsyz Watanymyza, beýik döwrümize buýsanjymyzy artdyryp, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda, täze taryhy döwürde ähli ugurlar bilen birlikde, bilim ulgamynda-da tutumly işler durmuşa geçirilýär. Diňe şu şanly ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, Diýarymyzyň sebitlerinde döwrebap mekdeplerdir çagalar baglarynyň birnäçesi açyldy. Şatlykly günde etrabymyzyň Bokurdak şäherçesinde gurlan 1 müň 200 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň toý ruhunda açylyp, ýaş nesillere, bilim işgärlerine sowgat edilmegi hem ýatdan çykmajak ýakymly waka öwrüldi. Bu gün täze mekdepde bilim alýan çagalaryň, zähmet çekýän mugallymlaryň şatlygyny görüp, göwnüň göterilýär.