Arkadagymyzyň ýörelgesi — döretmek, gurmak

11 Noýabr 2021
802

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde ykbal ýyldyzynyň halkymyza gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorap saklamagy, ynsan mertebesini hemme barlykdan zyýat tutmagy ruhy ýörelge edinmegi owalbaşda bagyş edendigini nygtaýar. Şu taryhy ýörelgä muwapyk bolmak bilen halkymyz bäş müň ýyllyk menzili nurlandyrmagy başardy.

Türkmeniň gurmak, döretmek taglymatynyň bagtyýarlyk döwründäki ösüşleriniň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz  10-njy noýabrda harby we hukuk goraýjy edaralara degişli täze desgalaryň gurluşygynyň barşy hem-de taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de hormatly Belent Serkerdebaşymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Dag eteklerindäki ajaýyp künjekleriň birinde saklanyp, ýoluny ahalteke bedewinde dowam etdi.

«Adalat».