Halk bähbitli özgertmeler

11 Noýabr 2021
694

Taryhdan belli bolşy ýaly, haýsy ýurduň hukuk binýady berk, kanunçylyk namalary kämil bolsa, şol ýurduň ykdysadyýeti kuwwatlydyr, uly ösüşleri we özgerişleri nazarlaýandyr. Hut şuňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny milli ýörelgelerimizden ugur alyp, döwrümiziň ösüşine, halkara ülňülere laýyk derejede kämilleşdirmek, şunda kabul edilýän kanunlaryň halkyň bähbidini goramagyny gazanmak biz — deputatlaryň öňünde durýan wajyp wezipedir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuň manyly baş ýörelgesi jemgyýetçilik ösüşinde, kanunçylykda, hukuk ulanyş tejribesinde, döwlet maksatnamalarynda we olary durmuşa geçirmekde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň raýatlary konstitusion ýörelgelere esaslanýan döwletlilik, kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklaryny ileri tutmak bilen syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşýarlar. Çünki ýurdumyzyň syýasy we ykdysady durmuşyndaky ösüşli özgertmelere raýatlaryň ählisiniň işjeň gatnaşmagyna, adamlaryň öz hukuklaryny amala aşyrmagyna giň mümkinçilikler döredilýär.

Göwher AMANOWA,
Lebap welaýat kitaphanasynyň direktory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.