Arkadaga alkyş bolsun!

11 Noýabr 2021
790

Hiç bir meseläni ünsden düşürmeýän hormatly Prezidentimiz asudalygyň goragçylarynyň iş we durmuş şertleriniň üpjünçiligine aýratyn ähmiýet berýär. Biz bu durmuş hakykatyny her ädimde duýýarys. Her bir pursatda ýurduň ösüşlerini, adam hakyndaky aladalary duýmak bolsa bagtyýarlykdyr. Bir-biregiň şatlygyny paýlaşmak ezeli türkmen döwletliliginden nyşandyr.

Biziň maşgalamyza paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Büzmeýin ýaşaýyş jaý toplumynda Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin gurlan 1 sany 4 gatly 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýyndan täze jaýyň açary gowşuryldy. Ýedi çagaly maşgalamyzyň her biriniň kalbyndaky şatlygy beýan etmäge söz tapmak kyn. Tutuş maşgalamyz bolup hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, işgärleriniň mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýandygynyň gözli şaýady bolduk.

Şöhratgeldi ANNASEÝIDOW,
Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň işgäri, uly seržant.