Parahatçylyk ýoly bilen berkarar bolan

10 Noýabr 2021
767

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň taryhy mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen, Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yglan edilmegi ýurdumyzdaky parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ykrarnamasy bolupdy. Ruhy-ahlak medeniýeti ýokary bolan ata-babalarymyz islendik işe başlanynda «ýedi ölçäp, bir kesmäge» uly ähmiýet berip, durmuşda ýüze çykýan meseleleri örän adalatly we parasatly çözüpdirler. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň halal zähmet çekip, bitaraplyk ýoluny saýlap almagy tebigydyr we asylly durmuş ýörelgesine mahsusdyr.

Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen, 2019-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamada ýurtlaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny işjeňleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygy barada aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýa halkara jemgyýetçiligi parahatçylyga hem-de ynanyşmaga durnukly ösüşi, abadançylygy, howpsuzlygy we adam hukuklaryny goldamaga ýardam edýän gymmatlyklar hökmünde garamaga çagyrýar. Şunda guramanyň ulgamyna girýän edaralaryňdyr agza döwletleriň, beýleki sebit we halkara düzümleriň, raýat jemgyýetiniň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, aýratyn şahslaryň hem-de gyzyklanma bildirýän taraplaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny degişli derejede geçirmäge, bilim beriş hem-de wagyz-nesihat çäreleri arkaly bu iki gymmatlygyň ähmiýetini düşündirmäge gatnaşmaklary aýratyn möhümdir. Türkmenistanda 2021-nji ýylyň şygarynyň milli derejede «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem şol taryhy Kararnamada göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak bilen baglanyşyklydyr.

Resulberdi MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy.