Bitaraplyk baky bagta şamçyrag

10 Noýabr 2021
691

Döwlet berkararlygymyzyň berk binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmegi ata-babalarymyzyň hoşniýetli ýörelgeleriniň bütin dünýä aýan edilmeginiň dabaralanmasy boldy. Bu taryhy waka Türkmenistanyň seçip alan içeri we daşary syýasatynyň ynsanperwerlige daýanýandygyny, abraýly halkara guramalar bilen maksadalaýyk hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny äleme äşgär etdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň tarapdary bolup gelen döwletimiziň diplomatiýa sungatynyň mundan beýläk hem ösüşleri nazarlamagyna giň ýollary açdy. Şeýlelik bilen, türkmen Bitaraplygy häzirki zamanyň ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurtlaryň deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlygyny ilerletmek, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ugrundaky tagallalary birleşdiriji gurala öwrüldi. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň merkezi bolup dünýä doldy.

Jeren ÝEGENOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.