Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

10 Noýabr 2021
555

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ägirt uly kuwwata eýe bolan türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň işine hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.

«Daşoguz habarlary».