Döwrüň talabyndan ugur alnyp

9 Noýabr 2021
735

Hormatly Prezidentimiziň 5-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Oňa welaýat, etrap, şäher häkimleri, olaryň orunbasarlary, welaýatyň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de beýleki dahylly adamlar gatnaşdy.

Maslahaty welaýat häkimi Ýazmuhammet Gurbanow açyp, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işlerine çäksiz hoşallygyny beýan etdi hem-de milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinden gelip çykýan wezipeleriň üstünde durup geçdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», Oba milli maksatnamasy esasynda welaýatymyzda durmuşa geçirilýän işler, obasenagat toplumynyň öňünde duran möhüm wezipeler, ýyladyş ulgamlarynyň güýz-gyş möwsümine talabalaýyk taýýarlanylyşy we beýleki gaýragoýulmasyz çäreler barada söz açmak bilen, welaýat häkimi agzalan ugurlar boýunça hasabat bermek üçin degişli ýolbaşçylara söz berdi.

Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy».