Ösüş bilen öňe barýar gül Diýar

9 Noýabr 2021
686

Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Milli Liderimiziň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň, özgertmeler hem milli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär. Şeýle hem alnyp barylýan köptaraply we giň gerimli işleriň netijesinde halkymyzyň hal-ýagdaýy yzygiderli gowulanýar, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, abadan, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün edilýär, Watanymyzyň halkara abraýy belende galýar. Bularyň hemmesi häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiň, özgerişiň, dostlugyň, doganlygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mekanydygyny, Gahryman Arkadagly ajap eýýamymyzyň sözüň doly manysynda bagtyýarlyk döwrüdigini aýan edýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň geçen 10 aýynda ähli ugurlar boýunça gazanylan üstünlikler, şol sanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim ýokarlanmagy, şu döwürde öndürilen önümleriň mukdarynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim, bölek haryt dolanyşygynyň möçberiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň 14,6 göterim artmagy, köp sanly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr.

«Mugallymlar gazeti».