Parahatçylygyň binýady

8 Noýabr 2021
717

Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn strategiýalarynda, milli ösüşleriň ähli ugurlarynda türkmen Bitaraplygy öz beýanyny tapmak bilen, ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmeginde, durnukly ösüşi gazanmakda hem mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň ygtybarly döwlet hökmünde giň möçberli halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ykrar edilýär. Bu wezipeler «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyny amala aşyrmakda, ilkinji nobatda, türkmeniň baky Bitaraplygynyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

Dünýä tejribesinde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy özüniň taryhy maksadalaýyklygyny görkezdi. Häzirki wagtda halkara hukuk ylmynda Bitaraplyk düşünjesine aýratyn gyzyklanma bildirilýär. Baky Bitaraplygyň beýleki döwletler tarapyndan ykrar edilmeginiň bu derejäniň gazanylmagynda ähmiýeti, onuň hukuk taýdan hereket etmegi üçin halkara derejede berkidilmegi, halkara gatnaşyklaryny utgaşdyryjy gural, gapma-garşylyklary sazlaýjy, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün edýän serişde hökmünde ylmy taýdan öwrenilýär. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna aýratyn orun berilýär. Halkara tejribesinde türkmeniň baky Bitaraplygynyň sebit hem-de dünýäniň döwletleri üçin oňyn ähmiýeti işjeň häsiýetlendirilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Biziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ekologiki howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek bilen bagly tekliplerimiz we başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapdy. Bularyň ählisi Bitarap döwletimiziň açyk we ygtybarly hyzmatdaşa öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär» diýip belledi.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.