Özgertmeler şanly geljegimize badalga

8 Noýabr 2021
658

5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenilen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory özlerine berkidilen ulgamlarda üstümizdäki ýylyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri hem-de şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri, gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzümlerinde we ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport, medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylan işler, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, Daşary işler ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilen işler, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ulgamlarda gazanylan iş netijeleri barada habar berildi.