Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

8 Noýabr 2021
635

5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri hem-de şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.