On aýyň jemlerine garaldy

5 Noýabr 2021
704

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji noýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenilip, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, goranmak ministri B.Gündogdyýewiň, Baş prokuror B.Atdaýewiň, içeri işler ministri Ö.Hojanyýazowyň, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesowyň, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýewiň, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewiň, adalat ministri M.Taganowyň, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowyň hasabatlaryny diňledi.

«Watan».