Dünýä ähmiýetli beýik işler

5 Noýabr 2021
674

Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak we onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Serdar Berdimuhamedow çykyşynda ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň olara ýetmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyny nygtady. Konwensiýanyň teklibine hem-de onuň Pariž şertnamasyndaky borçnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan howanyň üýtgemegi babatynda birnäçe amaly tagallalary edýär:

«Watan».