Asudalygyň we abadançylygyň goragynda

5 Noýabr 2021
665

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi hem-de beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda goranmak ministri B.Gündogdyýewiň, Baş prokuror B.Atdaýewiň, içeri işler ministri Ö.Hojanyýazowyň, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesowyň, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýewiň, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewiň, adalat ministri M.Taganowyň, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewiň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylyşy barada hasabatlaryny diňledi.

«Aşgabat».