Okgunly ösüşler — rowaçlyk binýady

5 Noýabr 2021
682

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowyň, dokma senagaty ministri R.Rejebowyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýewiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewanyň, Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň pudaklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlary diňlenildi.

«Aşgabat».