Abadan durmuşy üpjün etmegiň möhüm wezipeleri

4 Noýabr 2021
826

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenilen bu mejlisde Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi hem-de beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen goranmak ministrine, soňra ýurdumyzyň beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna söz berdi. Olar hasabat döwründe toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, görlen anyk çäreler barada hasabat berdiler.

«Mugallymlar gazeti».