Belent maksatly işleriň beýany

4 Noýabr 2021
740

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalyň syn beriş makalalaryna şu ýylyň iýul aýyndan sentýabr aýy aralygyndaky döwürde ýurdumyzyň syýasy durmuşynyň wajyp wakalary girizildi. Şol wakalar türkmen döwletiniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen baglanyşykly boldy.

«Mugallymlar gazeti».