Wa­ta­ny go­ra­mak – mu­kad­des borç

4 Noýabr 2021
714

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýe­we söz ber­di. Ol ha­sa­bat döw­rün­de ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny ber­kit­mä­ge hem-de Mil­li go­şu­ny­my­zyň kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn har­by öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de gör­len anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň Be­lent Serkerdebaşysynyň «Ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän har­by gul­luk­çy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­den, beý­le­ki go­şun­la­ryn­dan we har­by eda­ra­la­ryn­dan har­by gul­luk­dan bo­şat­mak we Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň har­by gul­lu­ga no­bat­da­ky ça­gy­ry­ly­şy ha­kyn­da» Per­ma­ny­nyň düz­gün­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da hem ha­bar be­ril­di.