Arkadagyň taglymaty — ösüşleriň binýady

4 Noýabr 2021
749

Sahawatly ata Watanymyzy ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak hormatly Prezidentimiziň ýöredýän içeri we daşary syýasatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bagtyýarlyk owazy belentden ýaňlanýan berkarar döwletimiziň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler öňde goýlan beýik  maksatlaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlary, parasatly teklipleridir talaplary halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.

«Adalat».