Göwünleri ganatlandyrýan röwşen ýollar

4 Noýabr 2021
684

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Bu taryhy waka döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy bolsa üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamyň ornunyň artmagynyň, sebit we ählumumy multimodal gatnawlar ulgamyna goşulyşmagynyň hasabyna  ata Watanymyzyň geoykdysady kuwwatyndan doly peýdalanmak babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Alty sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtobanyň ýer düşeginiň giňliginiň 34,5 metre, ýol hereket böleginiň giňliginiň her tarapda 11,25 metre, hereket zolagynyň giňliginiň 3,75 metre barabarlygynyň özi   halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýändigini alamatlandyrýar.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň aýratyn tabşyryklar boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.