Ajaýyp kitabyň ähmiýeti

4 Noýabr 2021
759

Hormatly Prezidentimiz her bir baýramçylyga, şanly senä gabatlap özüniň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden dörän ajaýyp eserini halkymyza peşgeş berýär. Ýurdumyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly sene — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli hem «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly Şadiwanyny ýüzümize syldyk.

Bu ajaýyp eser hormatly Prezidentimiziň diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň medeni gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrülen beýleki çuň mazmunly kitaplarynyň üstüni ýetirdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dünýäde onlarça döwletleri gurupdyrlar. Kuwwatly hem şöhratly türkmen döwletleriniň taryhynda adamzat üçin beýik ýol-ýörelgeler kemala gelipdir. Ol döwürlerden soňra asyrlar geçip, ikinji müňýyllygyň ahyrlarynda ata-baba halal topragymyzda döredilen türkmen döwleti adamzat taryhyna öz şuglasyny saçdy. Şeýlelikde, dünýäniň syýasy kartasynda täze döwlet bolan Türkmenistanyň öz mynasyp ornuny eýelemegi bilen türkmen halkynyň durmuşynda bütinleý täze döwür başlandy.

Oguljemal GARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň uly döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.