Maliýe syýasatynyň kanuny esaslary

4 Noýabr 2021
745

Döwletimiziň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary, eýeçiligiň dürli görnüşleri we olaryň deň goragy, maliýe syýasaty we pul ulgamy «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda beýan edilen aýratyn kadalaryň biri bolup durýar. Oňa laýyklykda, Türkmenistan pul ulgamyny özbaşdak kesgitläp, bank edaralaryny guraýar. «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk namalary bu kadalary düzgünleşdirýän hukuk binýady bolup durýar. Bank ulgamynyň maliýe durnuklylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, ony kämilleşdirmek we bütindünýä maliýe ulgamyna birikdirmek, sanly tehnologiýalara esaslanýan bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek Türkmenistandaky ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Gurbangül BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.