Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

4 Noýabr 2021
795

Aşgabat, 3-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi hem-de beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmäge hem-de Milli goşunymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.