Milli kanunçylyk we adam hukuklary

3 Noýabr 2021
697

Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde, ýurdumyzda kanunçylyk özgertmeleri yzygiderli amala aşyrylyp, Konstitusiýamyz döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Şol özgertmeleriň hatarynda adam hukuklary we azatlyklary meselesine hem möhüm ähmiýet berilýär.

Häzir ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyklykda, her bir adamyň abraýyny, mertebesini hem-de erkinligini goramaga, Türkmenistanyň çäklerinde erkin hereket etmäge, ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugy bardyr. Milli kanunçylygymyzda her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Raýatlarymyzyň ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda, döwlet gullugynda işlemäge, telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik beýleki ykdysady iş bilen meşgullanmaga hukugy bardyr.

Eşret TÄŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.