Döwletimiziň ekologiýa syýasaty

3 Noýabr 2021
669

Ekologiýa medeniýeti, ekologiýa syýasaty, ekoulgam, ýaşyl ykdysadyýet, ýaşyl dünýä, ýaşyl ýaşaýyş ýaly söz düzümleridir adalgalar durmuşymyzyň ähli çygryna mäkäm ornaşandyr. Biziň häzirki globallaşýan dünýämizde islendik işiň başyna barylmazdan öňürti onuň daşky gurşawa ýetirjek täsiri hakda oýlanylýar. Dünýädäki iri kompaniýalar özlerini ýaşaýşy aňladýan «Ýaşyl» sözünden başlanýan atlar bilen atlandyrýar. Munuň özi bu kompaniýalaryň gurýan, döredýän, durmuşa ornaşdyrýan ähli tutumlarynyň daşky gurşawa zyýansyzdygyny aňladýar.

Watana hyzmat etmek, onuň asuda durmuşyna goşant goşmak biziň her birimiziň baş maksadymyz. Şeýle işleri amal etmek daş-töweregiň tämizligini üpjün etmekden başlanýar. Milli Liderimiz biziň ählimiziň umumy öýümiz bolan tebigat barada: «Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň özlerine mahsus bolan ýörelgelerini döredipdirler» diýip jaýdar belleýär. Şoňa laýyklykda döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň esasy maksadynyň türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmakdan we geljekki nesillere has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ugur alýandygy öz-özünden düşnüklidir.

Aýnabat NAZAROWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi, «Esger».